Soňky täzelenme: 2026-njy ýylyň 1-nji apreli
Biz kim
TMDrops – bu Çehiýa Respublikasynda hasaba alnan kompaniýa tarapyndan dolandyrylýan logistika we poçta ibermeleri ugradýan hyzmatydyr (“TMDrops”, “biz” ýa-da “bizi”).
Biziň saýtymyzda hasaba alynmak we hyzmatlarymyzdan peýdalanmak bilen, Siz şu Düzgünler we şertler bilen ylalaşýarsyňyz.
Eger Siz ylalaşmaýan bolsaňyz - hyzmaty ulanmakdan saklanmagyňyzy haýyş edýäris.
Biz näme edýäris (möhüm)
TMdrops daşary ýurt internet dükanlaryndan harytlary satyn almaga we olary Türkmenistana eltip bermäge kömek edýär.
Biz:
· Size daşary ýurtlarda (ABŞ, Italiýa, Gresiýa) wirtual salgy berýäris
· Siziň ugratmalaryňyzy ammarlarymyzda kabul edýäris
· olary Türkmenistana iberýäris
Biz şu aşakdakylaryň hiç birisi däl:
· dükan
· satyjy
· öndüriji
Siz önümleri gönüden-göni şu dükanlardan satyn alýarsyňyz:
· Amazon
· eBay
· Zara
· we ş.m.
Bu aşakdakylary aňladýar:
· biz önümiň hili üçin biz jogapkärçilik çekmeýäris
· harytlary yzyna gaýtarmak ýa-da olara kepillik bermek işleri bilen biz meşgullanmaýarys
Hyzmat nähili işleýär
· Siz TMDrops-da hasaba alynýarsyňyz
· Siz daşary ýurtdaky şahsy salgyňyzy we TMDrops müşderi belgiňizi (ID) alýarsyňyz
· Siz internet dükanlaryndan haryt sargyt edýärsiňiz
· Siz dükanyň beren ugratmaňyzyň yzarlaýyş belgisini TMDrops salgyňyza girizmeli we harydyň bahasyny TMDrops şahsy otagyňyzda görkezmeli.
· Siziň ugratmaňyz Biziň ammarymyza gelip gowuşýar
· biz ony müşderi belgiňizi ulanyp, ugratmaňyzy kesgitleýäris
· biz ony Türkmenistana iberýäris
· ahyrky nokada eltip bermek hyzmaty “Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk kompaniýasy (mundan beýläk – “Türkmenpoçta”) tarapyndan amala aşyrylýar
Siziň müşderi hökmünde jogapkärçiligiňiz
Siz şu aşakdakylar bilen ylalaşýarsyňyz:
· takyk şahsy maglumatlary bermek
· öz şahsy müşderi belgiňizi (ID) dogry ulanmak
· ugratmalaryňyzy yzarlamak
· ulgama yzarlaýyş belgisini girizmek
· ugratmanyň bahasyny yglan etmek
· ähli zerur tölegleri tölemek
Eger siz:
· nädogry salgy görkezen bolsaňyz
· müşderi belgiňizi (ID) görkezmedik bolsaňyz
· harydyň bahasyny nädogry yglan etseňiz
ähli töwekgelçilikler dolulygyyna Siziň üstüňize geçýär.
Biz haçan jogapkär bolýarys
Biz Siziň ugratmaňyz üçin diňe ol fiziki taýdan biziň ammarymyza gelip gowuşandan soň we elektron ulgama girizilip, ulgamda bellige alnandan soň jogapkärçilik çekýäris.
Şoňa çenli ähli jogapkärçilik internet-dükanyň we satyjynyň ulanýan logistika kompaniýasy üstüne düşýär.
Gümrük düzgünleri we import etmegiň tertibi (Türkmenistan)
Bu örän möhümdir.
Siz şu aşakdakylar üçin jogapkärçilik çekýärsiňiz:
· harytlaryňyzyň Türkmenistana import edilmegine rugsat berilýändigini barlamak
· ugratmaňyzyň bahasyny yglan etmek
· tölegleri amala aşyrmak:
gümrük paçlary we salgytlary, şeýle hem islendik goşmaça ýygymlary
Biz aşakdakylara gözegçilik edip bilmeýäris:
· gümrük edaralarynyň çözgütleri
· gijikdirmeler
· barlaglar
· ugratmalaryň muzdsuz alynmagy
Eger gümrük ugratmaňyzy saklasa, ugratmaňyzy tussag etse ýa-da muzdsuz alsa, bu meseläni gönüden-göni ygtyýarly edaralar bilen çözmeli.
Türkmenistanyň çäginde eltip bermek
Türkmenistanyň içine eltip bermek hyzmatlaryny Türkmenpoçta amala aşyrýar.
Bahalaryň we agramyň hasaplanylyşy
Agramy hasaplanylyşy
Eltip bermegiň bahasy aşakdakylara esaslanýar:
· hakyky agramy
· göwrüm agramy
· uly ölçegler
Hasaplamalar üçin görkezijileriň ulusy kabul edilýär.
Göwrüm agramyny hasaplamagyň formulasy:
(Uzynlygy × Ini × Beýikligi) / 6000
Eger göwrüm agramy hakyky agramdan köp bolsa, baha hasaplananda ol ulanylar.
Bellik: bu görkeziji geljekde üýtgedilip bilner.
Tegeleklemek
Agram 0,1 kg (100 gram) çenli tegelenýär.
Iň az agram näçe?
Ugratmanyň iň az agramy 0,5 kg. Eger ugratmanyň hakyky agramy 0,5 kg-dan az bolsa, baha 0,5 kg hökmünde hasaplanýar.
Töleg
• ähli tölegler internet arkaly amala aşyrylmaly
• biz howpsuz töleg ulgamlaryny (şol sanda Stripe) ulanýarys.
Ugratmaňyzy almazdan öň, Siz aşakdakylary tölemeli:
• eltip bermek hyzmatynyň bahasy
• islendik goşmaça hyzmatlar
• gümrük tölegleri
Biz siziň ugratmaňyzy doly töleg alynýança saklap bileris.
Saklamak
Ugratmalar TMDrops-yň daşary ýurtdaky ammarlarynda (bahasy yglan edilýänçä) we Türkmenpoçtanyň ammarynda çäklendirilen möhletde saklanylyp bilner.
Tölegsiz saklamak möhleti tamamlanandan soň saklamak üçin töleg alnyp bilner.
Eger ugratma Türkmenistanda kabul edilip alynmadyk bolsa Türkmenpoçta harydy ýok etmäge hukuklydyr
Gadagan edilen zatlar
Türkmenistana iberilmegi gadagan edilen zatlaryň sanawy bilen aşakdaky web sahypada tanyşmagyňyzy haýyş edýäris:
Biziň aşakdakylara hukugymyz bar:
• ibermekden ýüz döndermek
• ugratmany ýok etmek
• degişli döwlet edaralara habar bermek
Jogapkärçilik
Umumy düzgünler
Eger ugratma biziň jogapkärçiligimizde bolan wagty ýitirilen bolsa, öwez tölegi yglan edilen baha (hasap-faktura bilen tassyklanan) bilen çäklendirilýär.
Biz aşakdakylar üçin jogapkärçilik çekmeýäris (degişli kanunçylykda göz öňünde tutulan ýagdaýlardan başga):
• nädogry salgy
• müşderiniň belgisiniň ýoklugy
• harydyň pes hilli gaplanmagy
• döwülgen zatlar
• elektronika zeper ýetmegi
• gümrük meseleleri
• biziň gözegçiligimizden daşary gijikdirmeler
Ätiýaçlandyryş
Biz ätiýaçlandyryş hyzmatyny bermeýäris.
Zerur bolsa, Siz ätiýaçlandyryşy özbaşdak resmileşdirip bilersiňiz.
Ýitgi nirede ýüze çykýar
Jogapkärçilik eltip bermegiň tapgyryna baglydyr:
· TMDrops ammaryna gelmezden öň – satyjy we onuň daşaýjysy
· TMDrops ammarynda kabul edilenden soň we Türkmenistana eltip berilýänçä, TMDrops jogapkärçilik çekýär.
Tölegler, yzyna gaýtarmalar we öwezini dolmalar
Hyzmatlar üçin töleg
Müşderi eltip bermek hyzmatlary üçin tölegi diňe ugratma ammarda kabul edilenden, işläp taýýarlanandan we agramy ölçenenden soň töleýär.
Hyzmatlary yzyna gaýtarmagyň syýasaty
Hyzmat ugratma kabul edilenden, işläp taýýarlanandan we agramy ölçenenden soňra üpjün edilen hasaplanýandygy sebäpli, degişli kanunçylykda göz öňünde tutulan ýagdaýlardan, şeýle hem Kompaniýanyň günäsi bilen hyzmatyň üpjün edilip bilinmeýän ýagdaýlardan başga halatlarda, eltip bermek hyzmatynyň bahasy töleg edilenden soň yzyna gaýtarylmaýar.
Ýitgileriň öwezini dolmak
Öwez tölegi – bu hyzmat üçin tölenen tölegi yzyna gaýtarmak bolup durmaýar, eýsem aýratyn talapdyr.
Öwez tölegi diňe ugratmanyň Kompaniýanyň jogapkärçiligi astynda wagty ýitendigi tassyklanylsa berilýär.
Ugratma diňe içerki derňew tamamlanandan soň ýitirilen hasaplanýar.
Öwez tölegi möçberi hasap-faktura bilen tassyklanan yglan edilen bahasy bilen çäklendirilýär.
Öwez tölegiň berilmeýän ýagdaýlary
Kompaniýa şu aşakdaky ýagdaýlarda jogapkärçilik çekmeýär we öwez tölegini bermeýär:
• nädogry salgy
• müşderiniň belgisiniň ýoklugy
• gümrük edaralarynyň çäreleri (saklanmagy, tussag edilmegi, muzdsuz alynmagy)
• gadagan edilen harytlar
• fors-mažor ýagdaýlar
Talaplara seretmegiň tertibi
Talaplar 30 günüň dowamynda tabşyrylmaly we aşakdakylary öz içine almaly:
• hasap-faktura
• yzarlaýyş belgisi
• ugratmanyň içindäkiler üçin töleg subutnamasy
• beýany
Tassyklanan öwez tölegi (eger degişli bolsa) başlangyç töleg usuly arkaly yzyna gaýtarylar.
Fors-mažor
Kompaniýa öz gözegçiliginden daşary ýüze çykýan fors-mažor ýagdaýlar, şol sanda tebigy betbagtçylyklar, uruşlar, ulag we logistika ulgamlaryndaky bökdençlikler, döwlet edaralarynyň hereketleri we Kompaniýanyň gözegçiliginden daşary beýleki ýagdaýlar ýaly, öz gözegçiliginden daşary ýagdaýlar sebäpli borçnamalarynyň ýerine ýetirilmezligi ýa-da gijikdirilip ýerine ýetirilmegi üçin jogapkärçilik çekmeýär.
Şahsy Maglumatlar
Biz aşakdaky maglumatlary ýygnaýarys:
• ady
• telefon belgi
• salgy
• pasport maglumatlary
Biz bu maglumatlary şu maksatlar üçin ulanýarys:
• eltip bermek üçin
• gümrük resmileşdirmesi üçin
Biz maglumatlary şu aşakdakylara geçirip bileris:
• logistika hyzmatdaşlara
• gümrük edaralaryna
Ähli maglumatlar ÝB düzgünlerine (GDPR) laýyklykda işlenilip taýýarlanylýar.
Hukuk meseleleri we tölegler (ÝB-niň talaplaryna laýyklylyk)
• şu Şertler Çehiýa Respublikasynyň kanunçylygy bilen düzgünleşdirilýär
• tölegler howpsuz üpjün edijiler arkaly işlenilip taýýarlanylýar (meselem, Stripe)
• tölemek bilen, siz aşakdakylara razylyk berýärsiňiz: töleg maglumatlaryň takyklygyna we serişdeleriň kanuna laýyklykda ulanylmagyna
Şertlere girizilýän üýtgetmeler
Biz islendik wagt şu Şertleri täzeläp bileris.
Üýtgetmeler girizilenden soňra hyzmaty ulanmagy dowam etdirmek bilen, Siz täzelenen Şertler bilen ylalaşýarsyňyz.