Ähli jogaplary
gör

Ýygy-ýygydan soralýan soraglar

TMdrops nähili işleýär?

TMdrops Size daşary ýurtlarda (ABŞ, Italiýa, Gresiýa) wirtual salgyny hödürleýär.

 

Siz:

1. Web sahypada hasaba alnyň

2. Daşary ýurt ammarlarymyzdaky öz şahsy salgylaryňyzy alyň

3. Internet dükanlarynda söwdany amala aşyryň

4. Sargyt edeniňizde TMdrops salgyňyzy görkeziň

5. Dükandan TMdrops salgyňyza iberilen ugratmaňyzyň yzarlaýyş belgisini giriziň we bahasyny Tmdrops şahsy hasabyňyzda görkeziň.

6. Biz ugratmaňyzy kabul ederis we Türkmenistana ibereris

Türkmenistanyň içinde eltip bermek “Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk kompaniýasy tarapyndan amala aşyrylýar.

Nädip hasaba alynmaly?

Registrasiýa birnäçe minut alýar:

 

· hasap dörediň

· şahsy maglumatlaryňyzy giriziň

· şahsyýetiňizi tassyklaýan resminamany (pasport) ýükläň

 

Şondan soň, şahsy salgylaryňyzy alarys.

Ugramtany nädip alyp bilerin?

Siziň ugratmaňyz onuň bahasyny yglan edýänçäňiz, daşary ýurt ammarymyzdan iberilmez.

 

Ugratmalar Siziň saýlan gowşurylyş nokadyňyza “Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk kompaniýasy  arkaly eltip berilýär.

Ugratmaňyz alyp gitmek üçin taýýar bolanda Size habarnama iberiler.

Eltip bermek näçe wagt alýar?

Eltip bermek möhleti ugradylýan ýurduna baglydyr:

• ABŞ → takmynan 10-20 gün

 

• Italiýa / Gresiýa → takmynan 7-14 gün

Gümrük resmileşdirmesi eltip bermek möhletine täsir edip biler.

Ugratmany nädip yzarlap bilerin?

Siz öz ugratmaňyzy şu usullar bilen yzarlap bilersiňiz:

· öz TMdrops hasabyňyzda

· yzarlaýyş belgisini (trek-belgi) ulanmak arkaly

Ugratma ammara gelip gowuşmadyk ýagdaýynda näme etmeli?

Eger yzarlaýyş maglumatlary onuň eltip berilendigini, ýöne hasaba alynmandygyny görkezse:

· satyjy bilen habarlaşyň

· Tmdrops-yň müşderi goldawy bölümine ýüz tutuň

· eltip berilendigi barada subutnamany iberiň

Biz ugratma ammarda kabul edilip, elektron ulgamda hasaba alynýança, onuň üçin jogapkärçilik çekmeýäris

Eltip bermegiň bahasy nähili hasaplanýar?

Eltip bermegiň bahasy agrama baglydyr:

· ABŞ → her kilogramy üçin 18 ABŞ dollary

· Italiýa/Gresiýa → her kilogramy üçin 16 ABŞ dollary

Baha şu aşakdakylaryň esasynda kesgitlenýär:

· hakyky agramy

· göwrüm agramy

· ugratmanyň ölçegleri

Hasaplamalar üçin görkezijileriň ulusy esas hökmünde alynýar.

Göwrüm agramy näme?

Göwrüm agramy şeýle hasaplanýar:

 

(uzynlygy × ini × beýikligi) / 6000

Eger göwrüm agramy hakyky agramdan ýokary bolsa, ol baha hasaplananda ulanylar.

Agram tegeleklenýärmi?

Hawa. Agram 0,1 kg (100 g) çenli tegeleklenýär.

Tölegi haçan amala aşyrmaly?

Siz diňe ugratmaňyz daşary ýurt ammarymyz tarapyndan kabul edilenden, agramy ölçenenden we ölçegleri alnandan soň töleýärsiňiz.

Haýsy töleg usullary elýeterli?

Ähli tölegler howpsuz töleg ulgamlary (meselem, Stripe) arkaly onlaýn usulda amala aşyrylýar.

Uly ölçegli ugratma näme?

Ugratma aşakdaky ýagdaýlarda uly ölçegli hasaplanylýar:

· umumy ölçegleri 150 sm-den geçse;

· göwrüm agramy hakyky agramdan 2 esse ýa-da ondan köp bolsa;

Bu ýagdaýda:

· baha göwrüm agramy esasynda kesgitlenýär

· eltip bermegiň bahasy göwrüm agramynyň her 1 kg üçin 6 ABŞ dollaryndan hasaplanar.

Ugratmalar näçe wagt saklanýar?

Ugratmalar çäklendirilen wagtyň dowamynda saklanylýar.

Tölegsiz saklanylýan möhlet geçenden soň:

· saklamak üçin töleg alnyp bilner. 

Talap edilmedik ugratmalar ýok edilip bilner.

Haýsy ugratmalar gümrük resmileşdirilmesine degişlidir?

Ähli halkara ugratmalar gümrük gözegçiliginden geçirilip bilner.

 

Müşderi aşakdakylar üçin jogapkärçilik çekýär:

· ugratmanyň dogry bahasyny yglan etmek

· gümrük paçlary

· salgytlar

· import düzgünleriniň berjaý edilmegi

Uzak aralykdan gümrük resmileşdirmesi näme?

Türkmenistanda gümrük amallary ýerli döwlet edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.

Käbir ýagdaýlarda Sizden şu aşakdaky maglumatlaryň berilmegi talap edilip bilner:

• pasport maglumatlary

• hasap-faktura

• beýleki zerur resminamalar

Çäklendirmeler we howpsuzlyk

Türkmenistana getirilmegi gadagan edilen zatlaryň sanawy bilen aşakdaky web-sahypada tanyşmagyňyzy haýyş edýäris: https://post.tm/posts/1

Eger şeýle zatlar tapylsa:

 

• ibermekden ýüz dönderilip bilner ýa-da olar ýok edilip bilner.

Ätiýaçlandyryş hyzmaty elýeterlimi?

TMdrops ätiýaçlandyryş hyzmatyny bermeýär.

Zerur bolsa, Siz ätiýaçlandyryşy özbaşdak resmileşdirip bilersiňiz.

Meniň şahsy maglumatlarym nähili işlenilýär?

Siziň maglumatlaryňyz diňe şu maksatlar üçin ulanylýar:

· eltip bermek

· gümrük resmileşdirilmesi

Biz şahsy maglumatlary degişli maglumatlary goramak kadalaryna (şol sanda zerur bolsa GDPR) laýyklykda işläp taýýarlaýarys.

 

Has giňişleýin maglumat üçin Gizlinlik syýasatymyza serediň.

Düzgünler we şertler bilen nirede tanyşyp bilerin?

Biziň Düzgünlerimiz we şertlerimiz bilen Siz web-saýtda tanyşyp bilersiňiz.

TMdrops meniň ugratmam üçin haçan jogapkärçilik çekýär?

Biz diňe ugratma biziň ammarymyzda kabul edilip, elektron ulgamda hasaba alnandan soň jogapkärçilik çekýäris.

Ugratma ýitirilen ýagdaýynda näme bolar?

Has giňişleýin maglumat üçin, Pul serişdeleriň yzyna gaýtarylmagy we öwezini dolmak syýasatyna serediň.

 

Eger ugratma biziň günämiz sebäpli ýitirilen bolsa:

· öwez tölegi berilýär

yglan edilen bahasyna çenli çenli

Biziň bilen habarlaşyň